BITARAPLYK – KALBYMYZYŇ BUÝSANJY
08-12-25
Gözelligiň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişligi özgerdiji güýjüne akyl ýetirmegiň çägi ýok. Ol özüniň täsin zynaty bilen ynsan kalbyny, hyjuwy bilen dünýäsini joşdurýar. Gözellik şahyrlara ylham, bagşydyr aýdymçylara täze owaz, daýhana halal zähmetinden beslenen ekinzarlygy döretmek, işçä hem gurmak bagtyny eçilýär. Şeýle nusgalyk gözelligiň eýesi bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Garaşsyz Diýarymyzyň her bir ynsanynda täze we ajaýyp garaýşy döredendigine diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä halklary-da guwanýar. Döwrebap ýaşamak, täzeçe oýlanyp-pikirlenmek duýgusy hemişelik Bitaraplygymyzyň köňlümize, ömrümize eçilen bagtyýarlygydyr.
Şeýle bagtyýarlygy her ädimde duýup, bagy-bossanlyga beslenen, eli çeper gelin-gyzlaryň täsin nagyşlaryny ýadyňa salýan ak ýollardan barýarkaň, köňlüňdäki ak arzuwlaryň islendik wagtda hasyl boljakdygyna berk ynanýarsyň. Bu hut şeýle. Dörediji, ýiti zehiniň eýesi bolan islendik raýat, goý, uly ýa kiçi bolsun, parhy ýok, öz zehin başarnygy, ezberligi bilen öňe saýlanýandyr. Şahsyýetiň şeýle erkinligine, döredijilikli ýaşaýşyna ak ýol açan Gahryman Arkadagymyza kalbyň alkyşly aýdymdan, owazdyr mukamdan dolýar.
Halkymyzy şeýle belent joşguna, ruhubelentlige atarýan ilkinji gözbaş, çeşme bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň çar künjünde gurdurýan medeni-durmuş, ykdysady-senagat häsiýetli desgalary bolup durýar. Çünki olarda her bir ynsan özüniň bagtyýarlygyny, eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýar. «Il-günümiz abadan, ýurdumyz asuda, Asmanymyz arassa, dünýämiz parahat bolsun!» diýip edilýän ýagşy doga-dilegler, umyt-arzuwlar halkyň ýüreginden çykyp, mähriban topraga, eziz Watana ornaýar-da alyslara tarap ýol salýar. Şol ak ýoly bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýäniň çar künjüne çekip, baky parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň belent aýdymyna öwürdi.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäniň neneňsi belentdigine we ýurdy özgerdiji keramatly güýçdügine islendik adam doly göz ýetirýändir. Çünki Garaşsyz ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir iş, gurulýan binalardyr desgalar diňe halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna hyzmat edýär. Şeýlelikde, maddy gözelligiň eýesi bolan halkymyz özüniň ruhy gözelligine, içki kämilligine, döredijilik güýjüne hem täze badalga alýar. Şondan galkynyp, döredýär, gurýar. Özüniň ygtybarly daýanjynyň — dünýäde adyllyga, halallyga, halklaryň umumy bähbidine aýdyň ýollary açýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna guwanýar we onuň dünýä halklaryny birleşdirýän keramatly güýjüne berk ynam bilen zähmet çekýär.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ebedi we mizemez binýadyny goýmak bilen belent maksatlary çalt, gysga wagtda amala aşyrmaga, ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna giň mümkinçilikleri döredýär. BMG-niň belent binasynyň öňünde, dünýä ýurtlarynyň döwlet baýdaklary bilen birlikde dünýäde ilkinji hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ýaşyl Tugy hem parahatçylykly, dost-doganlykly we ynsanperwerlikli ýalkymyny saçyp dur. Hemişelik Bitaraplygymyzyň nur-ýalkymy bolup parlaýan ýaşyl Baýdagymyza bu günki günde dünýä halklary parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany hökmünde garaýar.
Ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň berk jebisliginden nusga. Şeýle bilelikdäki gatnaşyklar, amala aşyrylýan belent işler sebitde parahatçylygyň binýadyny goýmakda uly ähmiýete eýedir. Sebäbi ýokary hyzmatdaşlykda geçirilýän bilelikdäki çäreler, maslahatlar, geňeşler, söhbetdeşlikler uly netije berýär. Sebitde we dünýäde parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da berkemegine öz täsirini ýetirýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy täze belentliklere göterilýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Döwletmyrat AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.