BITARAPLYK — MILLI BUÝSANJYMYZ

28-11-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy — diňe bir giň möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara işlerindäki ornunyň ykrar edilmesi bolup, türkmen halkynyň Garaşsyzlykdan soňky uly ýeňişleriniň biri hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji hem-de iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap ýurtdur, şeýle-de Ýer ýüzünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny resmi taýdan Esasy Kanunyna girizip, konstitusion taýdan berkiden ýeke-täk döwletdir.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramaga ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döretdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýörelgesine berlen ýokary bahadyr. Arkadag Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde dünýä giňişliginde Türkmenistanyň at-abraýy barha artýar.

Ýurtda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek häsiýetine eýe bolmak bilen, hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem täze belent derejelere eýe bolmagyny şertlendirdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, paýtagtymyzyň bu abraýly düzümiň ştab-kwartirasy üçin saýlanyp alynmagy ýurdumyza bildirilýän halkara derejesindäki uly ynamyň subutnamasydyr. Şonuň ýaly-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. 

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Şunda esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny nygtap bileris. Bu babatda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky hem-de beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygyň has-da artýandygy guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüji, ähli ýerde parahatçylygyň rowaçlan-magyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir.

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bütindünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýär. Şol maksatlar tutuş dünýäde parahatçylygy, durmuş rowaçlygyny hem-de ykdysady gülläp ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna köptaraply hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Türkmenistan saýlap alan ýoluna yzygiderli eýerýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatyny tüýs ýürekden buýsandyrýar. Ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny belentliklere galdyran milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!

Döwlet ÝOLOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Hormatly awtor, sizden "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetiniň elektron görnüşine abuna bolmagyňyzy haýyş edýäris.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.