Nusgalyk işler amala aşyrylýar
25-11-21
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylym we bilim ulgamlarynyň ýokary depginler bilen ösdürilmeginde, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklarynda, ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiliniň has-da ýokarlanmagynda, mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda asylly başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Güýçli döwletde ylym esasy orun eýeleýär”. Şu nukdaýnazardan, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň düýpli, ulgamlaýyn häsiýete eýedigini bellemelidiris. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem döwletimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýa ulgamynda sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ýola goýlup, görkezijileriň netijeliliginiň artmagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda sanly bilimi, sanlylaşdyrmak işini höweslendirmekde we çaltlandyrmakda, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp orun eýelän bäsleşikler hem yzygiderli geçirilip dur. Mysal üçin, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi dürli ugurlar boýunça geçirilip, zehinli raýatlarymyzyň mümkinçiliklerini artdyrmaga esas berdi.
Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasy, ylmy işleri goramak baradaky döredilen Geňeş, ylmy institutlaryň laboratoriýalarynyň ylmy-barlaglaryň toplumyny amala aşyrmaga ýardam berýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, şol sanda fizika, himiýa, biotehnologiýa, ekologiýa we beýleki durmuş ähmiýetli ugurlarda alnyp barylýan işleriň hemmesi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny ösdürmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň wekilleriniň halkara ähmiýetli bäsleşiklerdir maslahatlarda üstünlikli çykyş etmegine ajaýyp şertleri döredýär. Bu işler Watanymyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşmagynda hem kesgitli orun eýeleýändir.
Ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa ulgamynyň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ähli tutumly işleri rowaç bolsun!
Rahym BALLYÝEW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.