Bitaraplyk ösüşleriň özenidir
22-11-21
Ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we döredijiligiň egsilmez güýjüni özünde birleşdirýän Türkmenistanyň milli baýramy – hemişelik Bitaraplyk güni her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Mundan 29 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň halkara hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmesidir. Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy, ynsanperwerlik, parahatçykyksöýüjilik, dosluk, ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna giň ýol açdy.
Mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň döwletimiziň ýöredýän oňyn Bitaraplyk syýasatynda tutuş adamzadyň gelejeginiň has abadan hem gözel bolmagy üns merkezinde saklanylýar. "Biziň üçin Bitaraplyk diňe bir hukuk derejesi däldir. Munuň özi işjeň pozisiýany ylalaşdyryjylyk arkaly halkara proseslerine giňden gatnaşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamakda ýardam bermegi aňladýar" diýip, Arkadag Prezidentimiz BMG–niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtdy. Belent mertebeli Prezidentimiz 2015-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji ýubileý mejlisinde umumadamzat bahbitli eden taryhy çykyşynda bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek, şol bir wagtyň özünde, ynsan ýaşaýşyna zerur bolan azyk, ekologiki howpsyzlyklyryny üpjün etmek baradaky aýdan teklipleri, öňe süren başlangyçlary dünýä döwletleriniň arasynda uly goldaw tapdy.
Türkmenistan halkara meselelerini diňe parahatçylykly ýol, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek barada ýzygider çykyş edýär. Bu barada milli liderimiz : ,,Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan özüniň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini mundan beýläkde ähliumumy abadançylygyň hatyrasyna, sebitdäki goňşulary, dünýä bileleşigine ahli agzalary bilen netijeli arkalaşyk etmek üçin ulanar,, diýip belleýär. Mähriban Prezidentimiziň bu aýdanlaynyň şu günki günde iş ýüzüne doly geçýandigini we Bitaraplyk hukuklaryna eýe bolandan bäri onuň talaplaryny birkemsiz ýerine ýetilýandigini göz öňünde tutup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ,,Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk,, barada Rezolýusiýanyň ikinji gezek tassyklanmagy muňa doly şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen gatnaşyklaryny ýola goýdy. Beýik özgertmeleriň giň ýoluna düşen ýurdumyzda il bähbitli durmuşa ornaşdyrylan çözgütler, raýatlaryň zähmet we durmuş üpjünçiligini kepillendirýän Kanunlar, dünýä ölçeglerine doly gabat gelýän täze bilim, saglyk syýasatlary bu günki gün türkmen halkynyň mertebe buýsanjyna öwrüldi. Ýurdymyzda täze zawod-fabrikler, saglyk we medeni dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, täze obalar, şäherler gurulýar, şeýle hem halkara maslhatlary, konferensiýalar, forumlar, sergiler yzygiderli geçirilip durulýar. Häzirki wagt-da türkmen Bitaraplygy halkara derejesindäki özgertmeleriň ajaýyp üstünlikleri bilen utgaşyp gidýär we taze ruhly ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň ýaýbaňlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki, Türkmenistan gelejege tarap aýgytly gadam urmak bilen parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişli umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýar. Bu bolsa Garaşsyz dowletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ýokary derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda barha rowaçlanýan Watanmyzyň at-abraýy mundan beýläk hem täze belentliklere göterilsin. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dowamat dowam bosun!
Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.