Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy
09-12-24
Türkmenistan hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy hem-de üstünlikli berjaý edýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmazlyk syýasatyny alamatlandyrýan nusgalyk döwlet hökmünde çykyş etmek bilen çäklenmän, ol dawalary parahatçylykly serişdeler bilen düzgünleşdirmek boýunça sebitleýin merkez bolmagyny hem dowam edýär.
Dünýäde hemişelik Bitarap döwlet, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistan diňe bir parahatçylyk söýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, berkidiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy parahatçylygyň bähbitlerine gönükdirilen hoşniýetli syýasatdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ― bu döredijilikli, irginsiz zähmeti talap edýän işdir, has dogrusy, syýasydiplomatik sungatdyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň BMG ýaly abraýly halkara guramalaryň beýik münberinden täzeçil, konstruktiw häsiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bütin adamzadyň bähbitlerini araýan meseleleri orta atýandygynyň we olaryň oňyn çözgütlerini tapmagy iş ýüzünde nusga alarlyk derejede amala aşyrýandygynyň mysalynda hem göz ýetirýäris.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden dünýä ähmiýetli, adamzat bähbitli parahatçylykly teklipler bilen yzygiderli çykyş edýärler. Özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülen ata Watanymyzyň bu hukuk ýagdaýy ýaşyl Tugumyzda hem zeýtun baldajygy arkaly öz beýanyny tapdy. Ak mermere bürenen, Aziýanyň göwher gaşy hasaplanylýan, Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapan gözel Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi ýerleşýär. Ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýän ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge öz mynasyp goşandyny goşýar.
Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň öz üstüne alan borçnamalaryny doly we gyşarnyksyz amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyz ykdysady taýdan we beýleki ähli ugurlardan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, goňşy döwletleriň hem parahat ýaşamagy üçin edilýän oňyn başlangyçlaryň biridir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Guwanç SAPAROW,
Türkmenistanyň Inžener tehniki ulag komminikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.