YLYMLY DÖWLET OZAR

19-05-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda alyp barmaga uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda” Kararlara gol çekmegi  hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy doly şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady-syýasy we medeni-ruhy taýdan has-da gülläp ösmegine ýardam etjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de olar okuw usullaryndan, serişdelerinden ýerlikli peýdalanýarlar, ýaşlaryň akyl, beden we ruhy taýdan kämilligini ösdürmäge degişli işleri alyp barýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepler ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ylym-bilim mümkinçiliklerini artdyrýar we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrýar. Şunlukda, milli bilim ulgamy ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýar.

Täze ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçilik zerurlygy onuň täze ylmy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we häzirki zaman ylmyna daýanýan jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň täze onlarça ugrunyň kemala gelmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin ýadawsyz aladalary edýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalaryň gurulmagy, öňküleriň durkunyň düýpli abatlanmagy, okuw otaglarynyň ýokary derejede kompýuter we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şeýle aladalaryň netijesidir.

Bagtyýarlyk döwründe milli bilimi kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak jemgyýetiň ruhy, durmuş ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda amala aşyrylýan bilim özgertmesinde wajyp ornuň innowasiýalara berilmegi bolsa, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmeklerini şertlendirýär. Ulanylmaga berilýän täze binalar toplumlaryndaky zamanabap ulgamlar, kompýuterleşdirilen okuw otaglary, dil öwrenmegi ýeňilleşdirýän ýörite otaglary, ýokary hilli sport-sagaldyş toplumlary nesilleriň halkara talaplaryna laýyk gelýän bilim almaklaryna itergi berýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň kuwwaty yzygiderli artdyrylýar, dünýä tejribesine laýyk gelýän innowasiýalar ornaşdyrylýar. 

Biz bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýokary ynamyny ödäp, ondan ruhlanyp, Watanymyzyň mundan hem beýläk gülläp ösmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge giň ýol açyp beren, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.