HALKARA BITARAPLYK GÜNI — PARAHATÇYLYGYŇ SENASY

27-10-21

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamany kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeketäk döwlet ata Watanymyz Türkmenistandyr.

Bu sene Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa göräde, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde, eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abaýyny hasda pugtalandyrýan we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Mälim bolşy ýaly, Bitaraplyk biziň döwletimiziň Merkezi Aziýanyň ýurtlary we halklary bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylygyny hasda pugtalandyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn goşant goşdy. Mundan başgada, hemişelik Bitaraplygyň sebitiň hem-de dünýäniň durnukly ösüşine saldamly goşandy uludyr. Munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasyndaky taryhy çykyşlar aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Bitaraplyk güni, hakykatdan hem, esasy milli baýramçylyklaryň hataryna girýär, çünki halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan parahatçylygy söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik däpleriniň dabaralanýandygyny beýan edýär. Bitaraplyk baýramymyzyň halkara derejesine eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek üçin ýola goýulýan möhüm ähmiýetli işler Bitarap Diýarymyzy Ýer ýüzünde tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde we halklaryň arasyndaky dostdoganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyny biragyzdan ykrar edýärler.

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Ştab kwartirasynyň açylmagy Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu düzüm häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň arasynda işjeň we birekbirege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülruh MÄMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçilik fakultetiniñ Tikin onümçiligi kafedrasynyñ mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.