DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY BERKEÝÄR
27-10-21
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik ösüşler özgertmeler halkara möçberinde giňden goldanylýar. Bu bolsa, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna, belent sepgitleriň eýelenilmegine, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýeläp, abraý-mertebesiniň barha artmagyna we pugtalanmagyna ýardam edýär.
Ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sazlaşykly hem-de netijeli işini üpjün etmek boýunça edilmeli işler barada aýratyn durup geçildi. Bu babatda «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň» türkmen bölegini döretmek boýunça görülýän çäreler aýratyn bellärliklidir. Mejlisde habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy. Şeýle hem, degişli döwrüň dowamynda ýurdumyzyň çäginden 7485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirildi. Şol döwürde goňşy Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2914 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri üstaşyr geçirildi hem-de 2046 daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri Türkmenistana getirildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklaryň täze üstünliklere beslenýändigi barada durup geçip, biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän ulag ýollarynyň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Bagtyýar raýatlarymyzyň köňüllerine ganat baglan bu tabşyryklar döwletimiziň ulag-üstüşyr ýollaryny ösdürmek ugrunda ýene-de bir ädimdir. Il alkyşly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw edýäris.
Hudaýnazar HAÝYTMURADOW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap Geňeşiniň başlygy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.