Berkarar döwletimiziň milli ýörelgeleri
21-10-21

Asuda ýurduň asmanynda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar hakykatdan hem parahatçylygyň keşbidir. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän parasatly başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde goldaw tapýandygyny göz öňüne getireniňde, watançylyk duýgusyndan, buýsançdan ýaňa bütin dünýäň şatlyga dolýar.
Her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, parahatçylygyň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny bolelin ýazýar. Ýurt Baştutanymyzyň parahatçylygy berkarar etmek syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga itergi berýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa, halklary hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.
Türkmeniň parahatçylyk ýörelgesiniň taryhy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, ähli döwürlerde-de halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklapdyr. Taryhda gadymy Merw, Sarahs, Köneürgenç, Dehistan, Parfiýa we beýleki medeni merkezlerimiz hakynda ylmy-taryhy maglumatlarda hoşniýetli gatnaşyklar barada gymmatly maglumatlara duşmak bolýar.
Ähli eýýamlaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmeniň özbaşdak döwletini gurmak ugrundaky arzuwyny beýan edip, ýüreginden syzdyryp döreden şygyrlary parahatçylykly ýaşaýşy ündeýär. Akyldar şahyrymyz eserlerinde özara duşmançylygyň, uruşlaryň hiç kime gerek däldigini, parahatçylygyň, asudalygyň derwaýysdygyny düşündirip, ajap eýýamy arzuwlapdyr. Ol azatlygy, erkinligi, parahat durmuşda ýaşamagy arzuw edipdir.
Goý, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz öňküden hem gülläp össün! Ata-babalarymyzdan gaýdýan, illeri illere, köňülleri köňüllere duşurýan, dünýäni birleşdirýän parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýolumyz asyrlara uzap, rowaçlyklara beslensin!
Halmuhammet ATAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.