Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

25-12-25

Her ýyl Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak indi asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem sport, bedenterbiýe çäreleriniň köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki biziň ýokary okuw mekdebimizde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga talyp ýaşlarymyz hem işjeňlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Biziň halkymyzda sagdynlyga, arassa ahlaklylyga, berk bedenli we kämil ruhlulyga uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyň sagdyn durmuş we röwşen geljek hakyndaky ýörelgeleri berk bedenli nesilleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçilýär. Dünýä ýüzünde adamzadyň saglygyna bagyşlanyp geçirilýän bu baýram saglygyň ynsan üçin nähili möhümdigini açyp görkezýär.

Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bedenterbiýe sapaklary guralýar, sport çärelerine giň gerim berilýär. Oňa bagtyýar talyp ýaşlar bilen bir hatarda ähli halypa mugallymlar hem işjeň gatnaşýar.

Ýokary okuw mekdebimiziň sport meýdançasynda institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, gujurly-gaýratly, ugurtapyjy ýaşlary kemal getirmek we olarda sporta bolan söýgüni ösdürmek maksady bilen yzygiderli sport çäreleri geçirilýär. Ýaşlaryň boş wagtyny netijeli geçirmekleri, ýaş nesliň aň-bilim terbiýesi we olaryň köpçülikleýin sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sportuň birnäçe ugurlary boýunça ýaryşlar gurnalýar.

Sport çäreleri bilen hatarda dürli ýaryşlaryň geçirilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin, ýokary okuw mekdebimizde häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Talyplaryň sport kluby hereket edýär we onuň wezipesi talyplaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplaryň sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir. Talyplaryň sport klubynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar. Institutda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, bütin adamzat bähbitli işlerine mynasyp goşandyny goşýar, ýagny birnäçe ugurlar boýunça ýokary hünär derejeli hünärmenleri ýetişdirýär. Ýokary okuw mekdebinde sporta hem uly üns berilýär. Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňdençekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary netijeli işleri  alyp barýarlar. Olar bedenterbiýäniň we sportuň sazlaşykly ösmeginde we ýaş türgenleriň kemala gelmeginde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de uniwersitetimiziň fakultetleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraýar.

Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýarlar. Türkmenistan döwletimizi sportuň, saglygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin!

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri. 

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.