SANLY ULGAM ÜSTÜNLIKLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY
14-05-25
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar.
Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar döredilýär. Çünki elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we ösüşleri amala aşyrmagy üpjün edýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda ylmyň hil taýdan täze sepgitlere ýetmegine badalga berdi. «Türkmenistanda sanly
bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Elektron resminama hakyndaky», «Aragatnaşyk hakyndaky», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky», «Maglumat we ony goramak hakyndaky» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar ähli ulgamlary, pudaklary sanly ulgama birleşdirmek
işlerine itergi berýär.
Ýurdumyzyň her bir raýatynyň, hususanda, ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin milli bilim ulgamynyň öňünde duran giň möçberli, halk ähmiýetli wezipeler häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýeti giňişleýin ulanýan ýurtlaryň tejribelerinden görnüşi ýaly, ol ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna hemde sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetirilmegine ýardam berýär. Ýaşlarymyzyň okamak— bilim almak, hünär öwrenmek mümkinçiligi ýeňilleşýär we giňelýär.
Ähli pudaklarda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanly ykdysadyýete goşulmagynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem ýurdumyzdaky kitaphanalaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň, ylmy edaralaryň, ýokary, ýörite orta we orta mekdepleriň kitaphanalarynyň Internet ulgamy arkaly birikdirilmegi Diýarymyzda güngünden baýlaşýan kitaphana gorunyň okyjylara elýeterli bolmagyna getirer.
Uly üstünliklere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin ýurdumyzda innowasiýa işiniň ýerlikli, döwrebap guralmagy, ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň bilimi, ýaşaýyş durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Laçyn BABAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.