OKATMAGYŇ INNOWASION USULLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK
08-05-25
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri barha rowaçlanýar. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşup biljek,çuňňur bilimli, giň dünýä garaýyşly öňde baryjy tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda köp basgançakly milli we dünýä tejribesini sazlaşykly durmuşa ornaşdyrýan innowasion esasly bilim ulgamy kemala getirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym‐bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilimi elýeterli etmekden ybaratdyr. Okatmagyň innowasion usullaryny kämilleşdirmek, ýaşlara ylym‐bilim öwretmek, ata‐babalarymyzyň bu ugurda ýeten derejesini geljekki nesillere döredijilikli geçirmek diýmekdir.
Ylmyň‐tehnikanyň güýçli ösüp, önümçilige ornaşdyrylýan döwründe ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän dersleri okatmagyň usullary hem täze öwüşgine eýe bolýar. Okadylýan sapaklarda interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, proýektorlardan we internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak ýokary netije berýär.
Mugallym okadýan dersinde internet maglumatlaryndan we dünýä tejribesini peýdalanyp,geçilýän temalar bilen baglanyşdyryp, okadýan dersi boýunça ýetilen sepgitler bilen baglanyşykly tapylan maglumatlar bilen çäklenmeli dälde, talyplary şu dersiň haýsy ugry gyzyklandyrýan bolsa, olary şol ugur boýunça maglumatlary ýygnamaga gönükdirmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär.
Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmak, saýlap alan ugry boýunça kämilligini gazanmak, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda birnäçe taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.