BAGTYÝARLYK DÖWRI - ÖSÜŞLERIŇ ZAMANASY
08-05-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda önümçilikli işler alnyp barlyp, täze maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Çünki Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy,hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup berilmegi,ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri bellenilmelidir. Bu aýdyň netijeler durmuş ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän kuwwatly desgalar ykdysady ösüşlerimiziň ýokarydygynyň kepili bolup durýar. Häzirki wagtda bu desgalarda öndürilýän önümler hem ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy,onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagy esasy ugurlaryň hatarynda goýýar. Şunda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy, köp islegden peýdalanmagy esasy şert bolup durýar. Bu maksatlary ýerine ýetirmek üçin bolsa, hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurtda öndürilýän önümler daşary bazara eksport edilip, ýokary islegden peýdalanýarlar. Sözüň doly manysynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ösen önümçilik kuwwatyna eýe boldy. Ýurdumyzyň ägirt uly we iň ösen zawodlarynda öndürilýän önümler bu aýdylanlary doly tassyklaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan nurlanýan belent maksatlar ýurdumyzy has-da beýik ösüşlere eýe edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we elektron senagatyny ösdürmek boýunça beýik işleri ýola goýdy. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetimiz bäsleşige ukyply derejä ýetýär.
Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri saýlanyp alnan ugruň ösüşli ýoldugyny görkezdi. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli berjaý edilmegi täze ösüşlere ýetmäge mümkinçilikleri döretdi.
Ykdysady ösüşli şeýle kuwwatly döwletde ilkinji nobatda, adam hakynda alada edilýär, geljekki nesillere niýetlenen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, geljek nesillerimiziň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylan beýik işlerdir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap ýaşaýyş jaýlar ýurdumyzyň ähli ýerinde ulanmaga berildi. Ol jaýlar özleriniň amatlylygy, ähli şertleri bilen tapawutlanýar. Elbetde, şeýle amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we halkyň eşretli durmuşyna gönükdirmek ýurduň ykdysady taýdan örän kuwwatlylygynyň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy,medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy.Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp,täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy bagtyýar halkymyzy has-da guwandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşlerini has-da belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.