YLYM – BEÝIK GELJEGIŇ ÝOLY
10-05-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslenýär. Zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin hemmetaraplaýyn we ylmy esasda zerur meýilnamalar kabul edilýär. Häzirki döwürde ýaş alymlar halypalary bilen bir hatarda ylmy-barlag, taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin giň gözýetimli ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üstünlikli we netijeli durmuşa geçirilýän ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksadydyr. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda okuwçylara we talyp ýaşlara bilim berlişini kämilleşdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işleriň hatarynda orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegini, kabul edilen täze «Bilim hakyndaky» kanunyň rejelenen görnüşini, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan köpeldilýändigini aýdyp bileris.
Ýaşlaryň öz saýlap alan hünärinde ýokary derejeli ylym-bilim alyp, geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edilýär. Arzuwlary hasyl edýän ata Watanymyzda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde öz hünärine ökde ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredilip berilýär. Bu döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlar ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler we baýrakly orunlary eýeleýärler.
Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym ulgamynyň düzümi, dolandyrylyşy hem-de hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmäge, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Döwrebap bilimleri we ylymlary düýpli özleşdirmäge ukyply ýokary hünärli inženerleri hem-dezehinli alymlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamlarda iri halkara guramalary, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.
Düýpli ylymlary ösdürmek, alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylmy işe çekmek ýaly möhüm wezipeler Türkmenistanyň Kanunlarynda öz beýanyny tapýar.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlary sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ähli ýerde döwrebap kompýuter ulgamlary we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alymlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň çägi ep-esli giňedi. Dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy forumlar hem ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň işewürleri milli Liderimiz tarapyndan döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Häzirki wagtda işewürlerimiz önümçiligiň we marketingiň ösen tehnologiýalaryny giňden özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we innowasion-tehnologiýalar babatda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrülýändiginiň hem-de ählumumy ylym giňişligine üstünlikli goşulyşýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her bir gününi, sagadyny ylym-bilime, sowat öwrenmäge bagyş edýän ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylmyň täze gazananlaryny özleşdirýärler. Olaryň öňünde bir maksat bar, ol hem Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna wepaly, öz hünärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekdir.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle ylym-bilim endikleri bilen birlikde ruhy ahlak ýörelgeleri hem çuňňur öwredilýär. Ýurdumyzda watan söýüji, adamkärçilikli, ylymly, ýokary hünärli ýaşlaryň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.