SANLY MÜMKINÇILIKLERIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
10-05-25
Garaşsyz Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, sanly ulgamy has-da ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, ähli pudaklarda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli amal edilýär.
Häzirki wagtda, internet we hemra aragatnaşygynyň eýýamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy adaty ugurlary hem-de olaryň ösüşiniň nusgalaryny düýpli özgertdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurdygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täze innowasion tapgyryna geçilmegini üpjün edýär.
Ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada durlup geçilmegi biziň ýokarky aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, sanly ulgama geçmek işlerine laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi «Elektron hökümeti» ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemegi, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen bolsa, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Şeýlelikde, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi halkymyz üçin ajaýyp mümkinçilikleri we täze şertleri döreder hem-de ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşini üpjün eder. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýagty ertiriniň hatyrasyna amala aşyrýan işleriniň aýdyň güwäsidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.