Saglyk - uly gymmatlyk
12-10-25
Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimizde 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly dabara beslenýär. Şeýle-de ýurdumyzda her ýylyñ 7-nji aprelinde – Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär.
Şanly senäniň öňüsyrasynda Mejlisiň karary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy buýsançly waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle-de aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekmegi bolsa halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Saglyk - bu her bir adamynyň, maşgalanyň, jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Sagdyn iýmitlenmek - beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar - fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler.
Adam bedeni hemişe hereketde bolmalydyr. “Saglygyň sakasy hereketdedir” diýilmegi tötänden däldir. Günüň dowamynda 5 sagatlap oturýan adamlaryň bedende gan aýlanyşygy peselýär. Fiziki türgenleşik madda çalşygyny, beden gan aýlanyşygyny gowulandyrmak bilen holesteriniň mukdarynyň azalmagyna getirýär. Uly adamlar günüň dowamynda azyndan 10 müň ädim ýöremelidir. Şeýle-de hepdede 5 sapar ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen 1 sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr. Günüň dowamynda 30-45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Yzygiderli sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar.
Adamyň hökmany suratda hünärine laýyklykda günde, hepdede we ýylda dynç almagy zerurdyr. Mysal üçin, agyr fiziki zähmetden soň dynç almak, ukyňy almak, gyzykly kitap okamak. Eger-de işiňizde akyl zähmeti bilen meşgullanyp, köp oturýan bolsaňyz sport merkezlerine gatnamak, arassa howada gezelenç etmek maslahat berilýär. Biziň ýurdumyzda sportuň hemme görnüşleri bilen işjeň meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şäherlerde we obalarda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlary hereket edýär. Ýurdumyzda şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, olaryň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, geljekde şypahana ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ähli şertler döredilýär.
Jemgiýetçilik saglygy goraýyş we ilkinji kömek maksatnamasynyň çäginde ilatyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, lukmandan deslapky ilkinji kömegiň endiklerini öwretmek we ýol hereket howpsyz;lygy boýunça okuwlary geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsyzlygy boýunça alnyp barylýan işler adamyň janyny we ömrüni goramaklygy gönükdürlendir.Bu işler esasan hem mekdeplerde we çagalar bagynda alyp barylýar.
Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi.Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerili işler durmuşa geçirilýär.Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.
Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. ,,Saglyk” döwlet maksatnamasynyň netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartlaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş – anyklanyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen, kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejesine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory.
Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak möhüm bolup durýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gazanylan belent üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.