BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI

08-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň hatarynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna hem bu babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda ylymly ­bilimli nesilleri kemala getirmek, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, innowasiýalar ýurdumyzy ösdürmegiň binýady bolup, bilim bermek işiniň ösmegine uly mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda adama diňe bir bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň kesgitli jemini almakdan başga-da, durmuşyň täze şertlerine uýgunlaşmak, dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmak,öz öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmek we netije çykarmagy başarmak zerurdyr.

Bu işler öz şahsy işjeňligiňi guramagy, kommunikasiýa serişdelerine erk edip bilmegi, maglumatlary almagy we olardan peýdalanmagy talap edýär. Innowasiýalar eýýamynda bilimiň, ylmyň we innowasiýalaryň ösüşi bilen aýakdaş gitmek häzirki döwürde möhüm talap bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösýär we özgerýär. Dünýä ykdysadyýetinde täze tehnologiýalarda sanly ulgama geçilmegi bilen bagly düýpli özgertmeler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda ylym-bilime aýratyn jogapkärçilik ýüklenilýär.

Ýaş nesilleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlykbilen baş çykarýan, kämil hünärmenler hökmünde kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şonuň üçin hem ruhubelent ýaşlarymyz ýurdumyzy gülläp ösdürmäge, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyna öz goşantlaryny  goşmalydyrlar. Türkmen ýaşlary hemişe watansöýüjilik ýörelgelerine eýermelidir. Çünki olar merdana türkmen halkynyň bagtyýar nesilleridir. Ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik ýoluny halkymyzyň çüwen ykbalyna öwürjek ýaşlar gülleýän Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtly şu güni, aýdyň ertiri gurujylardyr.

Bilim we ylym edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm orun degişlidir. 

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.