Magtymgulynyň döredijiligi – döwürleriň paýhasy
08-05-25
Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize, şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bütin dünýäde öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi 300 ýyla golaý wagt bäri öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär» diýip, buýsanç bilen belleýär.
Türkmen halkynyň we dünýäniň ençeme halklarynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgüsini, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär.
Il arasynda “Magtymguly – halkyň guly”, “Magtymguly – wagtyň guly”, “Magtymguly – bagtyň guly” diýen sözler häli-şindi eşidilýär. Şahyryň özi hem “Magtymguly, sözlär dili türkmeniň”, “Öz halkymyň görer gözi, sözlär sözi idim” diýipdir. Dogrudan hem, Magtymguly bütin ömür boýy iline-gününe hyzmat edipdir, ähli ukybyny, başarnygyny, ussatlygyny halkyna bagyşlapdyr, täleýini-kysmatyny hem halkyň täleýi-kysmaty bilen baglapdyr. Mahlasy, ol halka iň ýakyn duran adam bolupdyr.
Magtymguly ýurdy, halky tozgunçylykdan, daşary ýurt basybalyjylarynyň çozuşlaryndan halas etmegiň ýollaryny agtarypdyr. Ol bu ugurda köp agtaryşlar, gözlegler geçiripdir. Umyt bilen adatdan daşary bir güýjüň hemaýat bererine, halkyň bagtynyň oýanaryna, gowy günleriň gelerine, käte bolsa han-begleriň, serdarlaryň umumy halk bähbidi üçin möhüm işler alyp bararyna garaşypdyr. Emma bu arzuwlarynyň hiç biri-de başa barmaýar. Şondan soň ol türkmen tire-taýpalarynyň arasyndaky duşmançylygyň soňuna çykyp, olary birleşdirmeli, merkezleşdirilen bir döwlet gurmaly diýen netijä gelýär.
Magtymguly türkmen halkynyň tozgunçylyga, talaňçylyga düşmeginiň düýp sebäbiniň olaryň agzala hem dagynyk ýaşamaklaryndadygyna akyl ýetiripdir. Dogry, birleşmek, agzybirlik, merkezleşen döwlet gurmak pikiri Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” kitabynda hem gozgalýar, ýöne şahyr bu meseläni umumy goýýar. Magtymguly bolsa ony XVIII asyr türkmen durmuşy bilen baglanyşdyrdy hem anyklaşdyrdy. Has takygy, ol ony iş ýüzüne geçirmäge synanyşdy, onuň ýollaryny agtardy. Netijede, Magtymguly türkmen jemgyýetçilik aňynyň taryhynda ilkinji bolup, bu taryhy hakykata akyl ýetirdi, ony jemagat arasynda giňden wagyz-nesihat etdi. Şu maksat bilen hem ol “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Türkmen binasy” ýaly eserlerini döredipdir.
Magtymguly bir saçakdan (supradan) çörek iýmegi, duz-emek bolmagy birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Eger ähli halk “bir çukura tüýkürse”, bir agza garasa, uly güýjüň emele geljekdigine, onuň öňünde hiç bir zadyň durup bilmejekdigine şahyr ynanypdyr.
Döwrüň ýaşlaryna edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragy halkyň şahyry hökmünde dünýä edebiýatynda orun aldy. Şahyryň döredijiligi häzirki wagtda giňden öwrenilýär. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalplara nur saçýar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.