«SAGLYK» DÖWLET MAKSATNAMASY ŞÖHRATLANÝAR

24-12-25

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlar toýlara ulaşýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen birlikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 30 ýyl doldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goraýan ugur binýatlyk ulgam hökmünde häzirki döwürde öňdäki hatara çykdy. Milli Liderimiziň öňdengörüji başlangyçlary bilen işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk — 2025» atly sebit strategiýasyny nazara alýan häzirki zaman milli saglygy goraýyş syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2018–2025-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda» gol çeken Kararlary ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça netijeli işlere gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, egsilmez gujur-gaýratyndan gözbaş alýan bagtyýarlyk döwrümiziň her güni uly ösüşlere, belent sepgitlere beslenýär. Dünýä ýüzüni haýran eder derejede halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan şeýle zähmet ýeňişleriniň mizemez binýadynda saglyk, agzybirlik, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly mukaddeslikler durýar.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başda durmagynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ýagdaýy kemala geldi. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň uly tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň saglygyny goramaga, hil taýdan ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen kämil saglygy goraýyş ulgamy emele geldi. Munuň özi ilatyň saglygyny goramaga degişli dünýädäki öňdebaryjy iş tejribäni özünde jemleýän kanunlaryň kabul edilendigini, saglygy goraýyş ulgamyna ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny aňladýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygy barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.