TEHNOLOGIÝALAR ULGAMY — DÖWRÜMIZIŇ TALABY
08-05-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze derejelere göterilýär. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, dünýä tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda bolsa täze tehnologiýalar ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňişleýin ornaşdyrylýar.
Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatynda hyzmatdaşlyklar ösdürilýär, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallary, interaktiw-multimediýa maksatnamalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Şeýle-de sanly ulgama esaslanyp, teleköpri arkaly okuw sapaklary alnyp barylýar.
Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talyplaryň okuw maglumatlaryny okuw kitaplary görnüşinde däl-de, elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, widioýazgylar bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçilýär. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen, bilim ulgamynyň mümkinçilikleri artýar, talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin orta we ýokary okuw mekdeplerde bilim portaly hem-de elektron okuw ulgamy döredilýär.
Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar örän çaltlyk bilen kabul edilýär. Bu ugurda mugallymlaryň taýýarlyk derejeleriniň ýokarydygy hem bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bilim işgärleri we mugallymlar, terbiýeçiler üçin ýörite okuwlar guralýar. Bu işler bilim işgärleriniň hünär derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda dünýä ülňüleriniň talaplaryny doly ödeýän ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň abzallary bilen enjamlaşdyryldy. Milli Liderimiziň ýörite Permany esasynda häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi döredildi. Bu bolsa geljekde ylmy-derňew işlerini geçirmek boýunça biziň alymlarymyza dünýäniň ösen ylmy derejesinde işlemäge ýardam berer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdeplerde oturdylan multimediýa serişdeleri dürli görnüşdäki maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Talyplaryň temalary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňemeginde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimediýa serişdeleriniň hyzmaty uludyr. Okuw mekdeplerinde her bir tema boýunça sanly maglumatlary, tekstleri, işjeň oýunlary özünde jemleýän okuw gollanmalary giňden ulanylýar. Taýýarlanan slaýdlarda şekilleriň san maglumatlarynyň berilmegi talyplarda okuwa gyzyklanma döredýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.