Sanly ykdysadyýet ulgamy ösüş ýolunda

08-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent derejelerine gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler oňyn netijelerini berýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ösüşiň täze tapgyryny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy hem-de okuw, töleg hem-de hyzmatlar ulgamynda ýeňillikleriň döredilmegi üçin örän amatly şertleri döretdi. Sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi» diýip belläp geçýär. Şu jemlelerden hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda sanly mümkinçilikeriň döredilmegine aýratyn üns berilýändigine göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu işler yzygiderli durmuşa geçirilýär we oňyn netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi milli ykdysadyýetimiziň düzüm birlikleriniň kadaly we netijeli işlemegini, durnukly ösüşi üpjün edýär. Sanly ykdysadyýet özüniň dünýäde innowasiýalary, bäsleşige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge ýardam edýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlarynyň ygtybarlygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglaryny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligi sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe, kabul edilýän şeýle çözgütler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýan esasynda, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy ugrunda alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.