Peýdaly miweler barada kelam agyz
08-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini üpjün edýär. Gün tertibini saklamak, dogry we oňat gurnalan zähmet, dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleriň biri hem dogry iýmitlenmekdir.
Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtynda kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.
Saglygy goramak hem berkitmek üçin, ilki bilen, sagdyn tebigy onümler bilen iýmitlenmek gerek. Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny doly berjaý etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr. Tebigy önümleri (ananasy, banan, gawun we ş.m.) iýmäge ymtylmalydyr. Bu miweleriň utgaşdyrylmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi kada laýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmagyň girewidir.
Ananas, düzüminde C we B witaminini, antioksidantlary, iýmit önümlerini köp saklaýan miweleriň biridir. Şonuň üçin hem adam bedeni üçin has-da peýdalydyr. Köp adamlar bromelain saklaýandygy sebäpli ananasy gowy görýärler. Bu madda bedenimizde beloklaryň işjeňligini artdyrmaga we ýaglary aýyrmaga kömek edýär. Bu miwäniň 100 gramynda bary-ýogy 50 kaloriýa saklanýar.
Ananas dürli çiş kesellerine garşy göreşmäge kömek edýär. Sowuklama garşy göreşmek üçin bedenimizi ähli zerur iýmit maddalary bilen üpjün edýär. Immun ulgamyny güýçlendirýär. Gyş we ýaz paslynda iýmit önümleriň arasynda ananasy ulanmak bilen dümewe garşy durup bilersiňiz. Sebäbi, ananasda askorbin kislotasynyň köp bolmagy wiruslara we ýokanç kesellere garşy göreşmekde ýardam berýär. Holestriniň bedende döremeginiň öňüni alýar we gan damarlarynyň diwarlaryny olardan arassalaýar. Iýmit siňdiriş ýollarynyň işini gowulaşdyrýar, aşgazan suwunyň fermentasiýasyny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, bedeni ýaşartmaga kömek edýär.
Banan, beden üçin ajaýyp energiýa çeşmesidir. Olarda uglewodlaryň siňdirilmegine kömek edýän fermentler bar. Bananda iýmit siňdirişi gowlandyrýan pektin maddasy saklanýar. Onuň esasy peýdaly häsiýetlerine bedeniň suwuklygyny aýyrmaga kömek etmegi, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmagy we bedeni arassalamaga kömek edýändigini aýtsa bolar. Her gün banan iýýän adamlaryň has optimistik we ünsli bolýandyklary subut edildi. Guradylan bananlar ähli ýokumly maddalaryny we elementlerini özünde saklaýar.
Sary gawun diňe bir şireli tagamy we ysy bilen däl, eýsem, iýmitleniş aýratynlyklary we bedene getirýän peýdalary bilenem söýülip iýilýän bakja önümidir.Bu gawun immunitetiňi ýokarlandyrýar we adamy sowukdan goraýan C witaminiň çeşmesidir. Şeýle hem düzüminde B we A witaminlerini, fosfor we ýod hem saklaýar. Sary gawun bedende ýürek we böwrek işlerini gowulandyrýar, nerw ulgamynyň işleýşini güýçlendirýär immun ulgamyny gowulandyrýar.
Bulardan başga-da sary iýmit önümlerine süýji sary burç, mekgejöwen, sary erik, sary greýpfrut, gök we beýleki miweler hem girýär. Sary pigmentli miweler we gök önümler bedeniň umumy saglygyny ýokarlandyrýar we toksinleri ýok etmäge kömek berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň saglygy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.