BELENT YNAMA MYNASYP ÝAŞLAR
07-05-25
Ýaşlar täze taryhy eýýamyň hereketlendiriji güýjidir. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Haýsydyr bir döwletiň geljekki ösüşini seljerjek bolsaň, ol ýurduň ylym-bilim ulgamyna berýän ünsüni, döredilýän şertleri we şolaryň ählisiniň ýaşlary bilen uýgunlaşygyny göräýmeli. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Watan ýaşlar bilen öne barýar. Ýaşlar bolsa, Arkadagly Gahryman Prezidentimiz bilen öňe barýar. Şeýle sazlaşygy şöhratly ýylymyzyň adynda hem görmek mümkin. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda ýaşlar syýasatynyň ösdürmäge uly üns berjekdigini mälim eden pursadyndan ýurdumyzda ýaşlara giň ýol açylýar. Ýaşlar syýasatyna döwletimiziň strategik ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär. Ine bu günki gün belent maksatlaryň we wezipeleriň bosagadan ätlän taryhy ýylymyzyň adynda berkidilmegi bolsa onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrýar.
Ynsan üçin belent zat ynamdyr. Adamlaryň arasyndaky bir-birine bolan hormat, sylag, sarpa ynamdan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşan döwründe Watanyň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanmak, ile-güne peýdaly iş edip, durmuşda öz ornuny tapyp ýurduň ösmegine, goşandyňy goşup, onuň hözirini görmek bagtyýarlygyň, ynama wepalylygyň nyşanydyr. Ine, şeýle bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesi döredijilikli zähmet çekýärler, Watanyň ösüşlerine mynasyp nesiller hökmünde goşant goşýarlar.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky alada geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanşykly hem-de asylly maýa goýumydyr. Şol bir wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar.Ýurdumyzyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesiller baradaky köptaraply aladalaryň naýbaşy orunda goýulmagynyň çuňňur many-mazmuny şeýle mizemez hakykatda aýdyň ýüze çykýar.Şonuň üçinem ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza ,nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli ,watansöýüji, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe üns merkezinde durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollaryndan röwşen geljegine mizemez ynam bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäde ýaşlaryň bähbitlerini ileri tutýan, olaryň göwnejaý ösüp ulalmaklary babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi döwrebap bilimli, ylymly, hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, her bir işe döredijilikli çemeleşmegi başarýan, türkmen halkynyň asyrlaryň kämillik mekdebini geçen milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, halal zähmeti ykbalynyň mazmuny saýýan, watansöýüji, ruhubelent, geljege ynamly garaýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe baş maksady bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän, ylmy esaslandyrmalara hem-de anyk mümkinçiliklere daýanýan giň gerimli özgertmeleriniň düýp özeninde şeýle asylly maksada ýetmekdäki tagallalaryň durmagy ýaşlary diýseň buýsandyrýar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Merjen JARÇYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.