Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly

27-09-25

Eziz Watanymyzyň täze taryhyny esaslandyran milli garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir türkmenistanlynyň döredijilikli, halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgeler saýlanyp alyndy. Parahatçylygy, jebisligi we milli demokratik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlän ýurdumyz häzirki bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň hem-de döwletiň ykdysady-durmuş, syýasy, medeni-ynsanperwer ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe bolýar.

Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunda döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen, ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralandy. Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwlet hökmündäki belent ykrarnamasy, buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde deňli-derejeli, mertebeli ýaşamagyň kepilnamasy bolup durýar. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Şeýlelikde, halkara hukugynda umumy ykrar edilen halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan mizemez hukugyna esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwletli boldy. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda berkidilen Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar arkaly türkmen döwletliliginiň konstitusion esaslary has-da pugtalanýar. Döwlet dolandyrylyşyna ylmyň we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, döwlet gullukçylarynyň hünäriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her bir ynsan üçin öz Watanyndan we halkyndan eziz zat ýokdur. Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama jan Watanym Türkmenistan diýip urmalydyr. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýip bellemek bilen ata Watanyňy söýmegi, onuň abadançylygy üçin janyň-teniň bilen zähmet çekmegi ündeýär. Çünki taryhyň beýan edişi ýaly, türkmen halkynyň geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, bir döwlete birleşmegine jemlenendir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keramatly topragymyzda agzybirlikde ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny ýurt möçberli dabaralara besleýär. Türkmen halkyny baky bagta, sowulmaz ýaza ýetirip, bagtyýarlygyň gujagynda erkana ýaşadýan, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Mähriban GULLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.