IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY
04-02-26
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Jemgyýetiň esasy baýlygy hökmünde adamlaryň saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işler ýurdumyzda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport toplumlarynyň hem-de sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalarynyň miwesidir.
Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde öňdebaryjy tehnologiýalar, täzeçil işläp taýýarlamalar önümçilige ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, şol sanda onuň döwrebap düzümini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Esasy Kanunymyzda: “Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr” diýip bellenmegi eziz Diýarymyzda ynsan ömrüniň we saglygynyň döwlet üçin iň ýokary gymmatlyk bolup durýandygyny tassyklaýar.
Ýurdumyzda konstitusion kadalara esaslanyp, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynyň hukuk binýady kämilleşdirilýär we berkidilýär.
Raýatlarymyzyň ýokary hilli saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga bolan hukugynyň deňligi, saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň hemmelere elýeterli bolmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň öňüni alyş çärelerine we durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi, eneligiň we çagalygyň goralmagynyň ileri tutulmagy, raýatlaryň zähmete bolan ukybyny ýitiren halatynda durmuş taýdan goraglylygy üpjün etmek ýaly döwrebap ýörelgeler öz beýanyny tapýar.
Umuman, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Halkymyzyň saglygy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Annagurban ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet hirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.