Ýaşlar we Bitaraplyk

05-05-25

Baky Bitaraplyk türkmen ýaşlarynyň hem ykbalyna baky bagt getirdi. Munuň şeýledigini Bitaraplyk ýyllarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi hem aýdyň subut edýär. Ösen  jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we mynasyp medeniýetli bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen ýaşlarynyň medeniýetli nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär.

Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy täze gymmatlyklary özleşdirip erkinlik we ynamlylyk duýgusyna we döredijilik aňyna hem-de ukybyna eýe bolmagymyza getirdi. Şeýle täsirlilige eýe bolmaklyk üçin bu taglymat, bir tarapdan, türkmeniň asyl ruhy gymmatlyklarynyň döwrebap häsiýete eýe bolmaklygyna esas döretse, ikinji tarapdan, döwrüň gymmatlyklaryny milli ölçegleri ulanyp, olara ynsanperwer häsiýet berýär. Milletiň şeýle ukyba eýe bolmaklygy, onuň ruhy galkynyşy esasynda mümkin bolýar. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlarynyň ýola goýulmagy we bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilmeli işleriň kämilleşdirilmegi, çetki ýerlere işe iberilýän ýaş hünärmenleriň maşgalalaryny we beýleki ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň işlenip düzülmegi ýaly wezipeleri amala aşyrylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sazlaşykly we maksadalaýyk amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik işini durmuşa geçirmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde giň gerime eýe bolan halkara gatnaşyklarynyň düzüminde ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlyklaryň rowaçlanmagy hem bagtly ýaşlar hakynda gürrüň edilende uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýaşlaryň ähli babatda kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini nazarlaýan ýaşlaryň meseleleri boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy bu ýyllarda has işjeň hem netijeli häsiýete eýe boldy.

Ýyllarboýy Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Çünki häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde  Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň işjeň we başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ileri tutulýar.

Soňky wagtlarda halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki durmuşynyň abadan bolmagyny gazanmaga äşgär çagyryşlar giň gerime eýe bolýar. Olaryň esasy wezipesi-de her bir döwletiň ykbalyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň oňyn we özara bähbitli çözgüdini tapmak, düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmak bilen gönüden-göni baglydyr.

Dünýä bileleşiginiň hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we adalatly durmuşy gazanmaga bolan meýillerinde ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän ýaşlaryň hem jogapkärli orny eýeleýändigini görmek bolýar.

Elbetde, ýaş nesliň wekilleri özleriniň nähili geljegi isleýändiklerini çürt-kesik suratlandyrmaga hem-de bu ugurda geçirilmeli häzirki zaman we ter çäreleri teklip etmäge ukyplydygy şübhesiz. Olaryň öňe çykarýan esasy talaplary, hususan-da, bilim, iş bilen üpjünçilik, adalatlylyk, çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmak ýaly ugurlar bilen baglydyr. Bu ugurlaryň nazara alynmagy ýaşlaryň ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär, ýaş nesliň höwesini artdyrýar, watansöýüjilik duýgusyny galkyndyrýar.

Bu aýdylanlar ýaşlar baradaky aladanyň biziň döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üns merkezindedigini görkezýär. Şunuň ýaly uly alada bilen gurşalýan biz ýaşlaryň bolsa halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge goşant goşmak hakyndaky jogapkärçiligimizi has-da berkidýär. Ähli babatda medeniýetli nesiller hökmünde kemala gelip jemgyýetimiň ösmegine mynasyp goşantlarymyzy goşmak we Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň hatyrasyna zähmet çekmek  biziň üçin uly bagt hem perzentlik parzydyr.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.