Terbiýeçilik ähmiýetli eser

09-08-21

Hormatly Prezidentimiziň dürli ugurlarda ýazýan eserleri ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň uly höwes bilen okaýan ýan kitabyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň her bir çuňňur many-mazmuna ýugrulyp, terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uly. Şeýle terbiýeçilik ähmiýetli eserleriniň biri "Ena-tagzym mukaddeslige tagzym" eseri. “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý ojagyň gelşigi”, “Ene-ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene-döwletlilik”  diýen dört baby özinde jemleýän bu eser türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilmegi diňe bir öz ýurdymyzda däl-de eýsem dünýäniň onlarça ýurdynda okyýjylarynyň köpdigini aňladýar.

Aýratynda bu eser Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimizi ata Watana, öý-ojaga wepaly bolup ýetişmekliginde terbiýeçilik ähmiýeti örän ulydyr. Kitapda Ogulabat ejeniň ogluna berýän öwüt ündewleri, uzak ýollara gidende edýän ýagşy arzuw niýetleri, rowaýatlarbeýan edilýär. Kitapda beýan edilýän her bir jümleler biz ýaşlara işimizde, durmuşymyzda görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sözleri bar, - Howlymyzyň bir çetinte ullakan tamdyr bardy. Ejemjan günaşa diýen ýaly tamdyrda çörek ýapýardy. Her gezek hem gyzgynjak çörekden goňşularymyza paýlaýardy. Şonda kiçi uýamyň eline bitin çöregi berip, ýarty çöregi hödür etmegiň türkmençilikde halanylmaýandygyny gürrüň berýärdi. Hödür eden ýarty çöregiň – ýarty rysgalyň, bitin çöregiň – bitin rysgalyň. Şonuň üçinem rysgalyňy bölmeli däl, bitinligine berseň, uly rysgal saňa gaýdyp geler. “Ber, bereketiň artar!” diýilmeginiň manysyny düşündirýärdi.... diýen täsirli nesihatlaryny  okamak bolýar. Şeýle pähim-paýhasa baý milli Liderimiziň ajaýyp kitabynyň höwri köp bolsun.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň  hünärmeni.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.