BILIM ULGAMYNDA GIŇ MÜMKINÇILIKLER

24-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek, multimedia tehnologiýalaryny, interaktiw usullary ulanmak esasy wezipe bolup durýar. Şu wezipäni ýerine ýetirmek üçin ýokary okuw mekdebimizde hem uly tagallalar edilýär. Eziz Diýarymyzyň geljekde has-da gülläp ösmegi üçin ýaşlara bilim, terbiýe bermekde okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak möhümdir. Bu­la­ryň äh­li­si ýaş nes­liň ze­hin-ba­şar­nyk­la­ry­nyň art­ma­gy­na, bi­lim­le­ri­niň, aň­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sapaklaryň guralyşyna aýratyn üns berilýär. Döwrebap sapagy guramak mugallymdan döredijilikli işlemegi talap edýär. Ilkinji nobatda, mugallym sapaga oňat taýýarlyk görmeli. Sapagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň işjeňligini gazanmaly, geçilýän temany giňişleýin beýan etmeli, ony durmuş bilen baglanyşdyrmaly, okuwçynyň şol tema bolan gyzyklanmasyny döretmeli bolýar. Mugallymyň her günki okadýan sapagyna taýýarlykly gelmegi, gündelik sapak ýazgylarynyň talabalaýyk bolmagy onuň şol günki üstünliginiň ilkinji görkezijisidir. Mugallymyň üstünligi onuň geçilýän temanyň mazmunyny okuwçylara düşündirip bilmek başarnygyna, hünär ussatlygyna, usuly taýdan taýýarlygyna bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmeklerini, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyrlar”. Ylym, bilim, terbiýe bolsa, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy binýat bolup hyzmat edýär. Bu ba­bat­da ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ug­ruň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da mu­gal­ly­myň us­sat­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti ýo­ka­ry­dyr. Okuwçylaryň geografiýa dersine bolan gyzyklanmasyny, höwesini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde işjeň usullaryň dürli görnüşlerini peýdalanýarys. Geografiýa dersinden guralýan sapaklarda esasy görkezme esbaby karta bolup durýar. “Karta geografiýanyň ikinji dilidir” diýlip aýdylýar. Çünki, kartasyz geografiýa ylmyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Kartalardan sapagyň islendik wagtda peýdalanmak mümkin. Sudur kartada amaly işler geçirilende täze temany berkitmek döwründe ýa-da geçilenleri gaýtalamaga berilýän wagtda ulanmak has-da amatly bolýar. Okuwçylar kartalardan peýdalanmak bilen, köp zatlary çuňňur öwrenýärler, gaýtalamak arkaly bilimini berkidýärler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ösüşi bilen deň derejede gidýär, ähli pudaklara täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işlerde ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilimi ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şol alnyp barylýan işleriň netijesinde mekdeplerde guralýan sapaklarda tehniki serişdeleri, kompýuterleri, multimedia tagtalaryny ulanmak giňden ornaşdyrylýar.

Bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz - ýaşlar sapaklarymyzy döwrebap usullar arkaly, netijeli guramaga çalyşýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 Nurjemal MAÝJANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Pedagogika bilimi ugrunyň 2-nji ýyl magistranty.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.