Bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr
21-01-26
Ýurdumyzda ýaş nesillerimiz baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýar. Olara döwrebap bilim, terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar baş wezipeleriň biri bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belläp, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtamagy ýurdumyzda ýaşlarymyza berilýän ünsüň çäksizdiginiň mysaly bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýynyň geçirilmegi biz – bagtyýar ýaşlaryň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna uly ynamyň bildirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döretýärler, önjeýli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Çünki Milli Liderimiziň binýadyny goýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde, Berkarar Watanymyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleri netijesinde, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär we bu işler döwlet tarapyndan goldanylýar. Nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna şeýle uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky alyp barýan işleri biri-biri bilen sazlaşyp, her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Biz muňa “Ýaşlar barada döwlet syýasaty” hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň hem-de “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmeginde hem aňryýany bilen göz ýetirýäris.
Ýaşlar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändigini biri-birinden zyýada ýaş zehinleriň ýeňişleri subut edýär. Gazanylýan ýeňişler esasynda günleriň günlerden, ýyllaryň ýyllardan zyýada bolmagy türkmen halky üçin adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi.
Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz – ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Türkmen ýaşlary üçin uly tagallalary edýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Göwher YLÝASOWA,
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.