Ýaşlaryň buýsançly ýürekleri
15-01-26
Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda toýlar-toýa ulaşýar. Şu günler ýurdumyzda medeniýet we ykdysady temalar bilen baglanşykly, ylym ugurlary bilen baglanşykly geçirilýän çäreleriň hem-de konferensiýalaryň has-da köpelýändigi, türkmen Diýarynyň ýaşlarynyň hyjuwly ýüreklerinde Watana bolan ümmülmez söýginiň bardygy bilen düşündirilýär.
Buýsançdan doly ýüreklerinde üstünligiň açaryny saklaýan, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar, öz zehinlerini bäsleşiklerde hem-de ýaryşlarda açýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurtlarda sport äleminde, bilim-ylym bäsleşiklerinde edýän çykyşlarynda hem-de alýan baýrakly orunlary bilen düşündirilýär. Ýaşlar bilen günler, güller nowjuwan. Ýaşlar bilen ýyllar nowjuwan. Ýaşlar bilen ýurt nowjuwan. Çünki ýaşlaryň golunda — Watan baýdagy. Ýaşlaryň dilinde — dünýäniň parahatlyk aýdymy. Ýaşlar — biziň ýaşaýşymyzyň ýazy. Olar biziň geljegimiz, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesi.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň üstünliklerinde durmuşa geçirilýän işleriň täsiriniň bardygyny subut edýän alamatlarynyň biri-de biziň ýaşlarymyz dünýäniň çar künjündäki ýaşlar bilen iňlis dilinde dostana gatnaşyklary ýola goýmaklaryna badalga bolýar. Dünýäniň çar künji bilen dostana gatnaşyk edýän türkmen diýarynda häzirki günümizde edilýän işlerde beýik başlangyçlaryň bardygynyň subutnamasydyr.
Bäsleşikler we döredijilik gözden geçirişleri şahsy ösüşi, täze bilimleri öwrenmegi höweslendirýär we ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär. Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek bolsa, täze bilimler we mümkinçilikler dünýäsine ýol açýandygy türkmen ýaşlarynyň dünýä bilim tejribesinde edýän işleriniň ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi’’ kitabyndaky birnäçe atalar sözleridir nakyllary okadylar. Şeýle hem edep-terbiýeli, giň gözýetimli ýaşlaryň kemala gelmeginiň möhümdigi bäsleşigiň esasy maksadyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, Ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetçiligiň sazlaşygyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekde geçirilen zehin bäsleşigi uly ähmiýete öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserlerinde ak ýürekden irginsiz çekilen zähmet, mertlik-merdanalyk, adamkärçilik, arakesmäni bilmeýän nesil terbiýesi baradaky pikirler geçirilen zehin bäsleşiginiň esasyny özenini düzdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri Ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar. Şeýle-de Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy we Maşgala Kodeksinden hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ýaşlara düşündirmek bäsleşigiň many-mazmunyna öwrüldi.
Bäsleşikler hem-de konferensiýalar ýurdumyzyň ýaşlaryny gelejege taýýarlamakda uly merdiwandyr. Olaryň zehinlerini açmak we olara konferensiýalara, dil boýunça ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik döretmek bolsa, gelejegiň ösüşli basgançaklarynda özüňi görmekdir. Şeýle zehin bäsleşikleriň geçirilmegi talyp ýaşlaryň bilim derejesiniň, hünär ussatlygynyň artmagyna we geljekgi hünärine we bilim alýan okuw jaýyna bolan söýgüniň artmagyna we olaryň dünýä garaýşynyň giňelmegine getirýär. Bäsleşikler we döredijilik gözden geçirişleri şahsy ösüşi, täze bilimleri öwrenmegi höweslendirýär we ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda erkana ýaşaýar, döredýär, gurýar. Bedew batly ösüşli ýurtda ýaşaýan türkmen halky her bir gününi altyn harplar bilen taryha ýazýar. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, Milli Liderimiziň we Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan pürepürdir. Watana bolan söýgi bolsa ähli üstünlikleriň we rowaçlyklaryň gözbaşydyr!
Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.