Saglyk - baş baýlyk

11-07-21

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladasy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amal edildi, saglygy goraýyş ulgamy dürli özgertmeler ýoly bilen barha kämilleşdirildi.

Şu günlerki tomus paslynyň yssy howanyň dowam edýän döwründe, daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, esasan-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda agyz-burun örtükleri uly ähmiýete eýedir. Agyz-burun örtüklerini kada laýyk ulanmaklyk babatynda aşakdaky maslahatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

  • agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman elleriňizi sabynlap ýuwmaly;
  • örtügi dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli;
  • agyz-burun örtügini dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalyşmaly;
  • örtügi aýranyňyzda ýörite tutawaçlaryndan tutmak hökmanydyr;
  • örtügi ulanyp bolanyňyzdan soň ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly;
  • agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly;
  • iki sagatdan soň örtügi çalşyp durmaly. Bir gezek ulanmak üçin niýetlenen lukmançylyk örtükleri gaýtadan ulanylmaly ýa-da gaýtadan işlenilmeli däldir. Gaýtadan ulanylýan örtügi diňe gaýtadan işlenilenden soňra gaýtadan ulanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl;
  • agyz-burun örtüklerini çygly ýagdaýda ulanmaly däldir.

Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, mähriban ildeşler!

Mülkaman BAÝRYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.