Döwrebap bilimli Arkadagly ýaşlar

01-05-25

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ösüp barýan ýaş nesli sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan we erk edip bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda atalyk aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky alada ýurdumyzda uly üns merkezinde saklanylýar. Türkmen ýaşlary bu günki gün dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap öz bilimlerini artdyrýarlar. Gahryman Arkadagymyz  iş sapary bilen barýan ýurtlarynda ilki bilen şol ýurtda okaýan talyp ýaşlar bilen duşuşyp olaryň okuwlary, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanýar.  Olara okuwlaryny abraý bilen tamamlap ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini, senagatyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny tabşyrýar.  Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar beýik maksada – ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar» –  diýip ýaşlaryň öňünde baş maksat goýýar.

Biziň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimizde hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklygy ugrunda uly aladalar edilýär. Şu günler uniwersitetimiziň talyplary nazaryýetde alan bilimlerini diplomyň öňündäki tejribede kämilleşdirýärler.

Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleri okatmaklygyň häzirki zaman işjeň usullaryndan, multimediýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly guralýar. Hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň otaglary dünýäniň ösen tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa tagtalary, kompýuter enjamlary bilen abzallaşdyrylan. Okuw sapaklary häzirki zaman innowasion okuw usullaryndan peýdalanmak arkaly guralýar. Şeýle-de, bilim ojagymyzda kompýuter otaglary hereket edip, olar internet ulgamyna birikdirilen. Kitaphanada elektron maglumatlardan peýdalanmak mümkinçiligi artdyrylyp, mugallymlaryň umumy okuwlarynyň ýazgylarynyň, taýýarlan okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň elektron görnüşleriniň, prezentasiýalaryň, testleriň yzygiderli üsti ýetirilýär. Sanly ulgama geçmegiň maksatnamasyna laýyklykda, hünärine ussat ýaşlary taýýarlamak bilen birlikde, olarda giň we häzirki zaman, ösen dünýägaraýşy kemala getirmeklige hem üns berilýär.

Türkmenistan döwletimizde kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmaklygy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» ornaşdyrmak meseleleri talyplaryň gündelik geçýän sapaklarynda öz beýanyny tapyp, ýaýbaňlandyrylýar. Ýokary okuw mekdebimizde talyplar öwrenýän sapaklaryny okatmagyň häzirki zaman usullaryndan we innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp täsirli guraýarlar. Şeýle hem mugallymlarymyz talyplary belent  watançylyk ruhunda bilimli, giň gözýetimli, saýlap alan hünärlerini bilýän döwrebap ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda öz tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. 

Alym Arkadagymyzyň «Okuwçylar we talyp ýaşlar  döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar» – diýen sözlerinden ruhlanyp, mukaddes Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, ýurdumyzy gülletjek we döwletimiziň abraý-mertebesini ýokarlandyrjak  ýaş nesli bolmakda  öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Hut şonuň üçin hem häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara aýratyn üns berilýär. Ylym-bilimi ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.