Garaşsyzlyk — halkyň bagtyýar ertirine ak ýol
29-09-25
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan eden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçdi. Taryh üçin gysga döwürde ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar, milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalary, düýpli özgertmeleri beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň binýady has-da berkidilýär.
Mukaddes Garaşsyzlyk taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, sowulmaz döwranlylyga, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senäniň özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine aýdyň şugla saçmagy tebigy kanunalaýykdyr. Garaşsyzlyk — türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk — halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk — halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesi. Taryhyň synaglarynda başy belent bolan, geçmişi şan-şöhrata beslenen edermen türkmen halky bu gün Garaşsyzlygyň gymmatyna düşünip, oňa mukaddeslik hökmünde baş egýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, içerki ösüşi hem-de dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Elbetde, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan eziz Diýarymyzyň ähli üstünlikleriniň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygydyr. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen hemişelik Bitaraplygymyz parahat, asuda we gülläp ösýän durmuşy beren mukaddesliklerimizdir.
Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň her biri türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer syýasatynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýyny dünýäde has-da ýokary belentliklere göterýändiginiň, halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna hem-de giň goldawyna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy ýörelgesi halkymyzy, ýurdumyzy bagtyýarlyga besläp, ýeňişlerden ýeňişlere alyp barýan bagtyýarlyk eýýamymyzyň beýik hem-de röwşen geljegini kesgitleýän parasatly ýörelgedir.
Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyzyň ýeten derejesi, içeri we daşary syýasatdaky gazanan uly üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasy ýörelgesiniň kämildigini bu gün tutuş dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülhanym KAKABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.