GOŞA MUKADDESLIGIŇ BAÝRAMY

15-05-26

Ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda watandaşlarymyzyň syýasy, jemgyýetçilik-ykdysady, şahsy hukuklary kanuny esasda berkidilýär. Hut şonuň üçin-de Döwlet baýdagymyz bilen döwletliligiň esasy ýörelgesi hem-de alamaty bolan Baş Kanunymyzyň kabul edilen günüň baýramynyň bir günde bellenilmegi-de uly many-mazmuna eýedir.

Konstitusiýa döwlet Garaşsyzlygynyň jarnamasy, raýat bagtyýarlygynyň ykrarnamasy bolup çykyş edýän esasy kanundyr. Konstitusiýa döwletiň hukuk esaslaryny düzüp, onda ýurduň içeri we daşary syýasatynyň özeni, mazmuny jemlenendir. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge Baş Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Biziň Konstitusiýamyz adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny doly üpjün edip, ynsan mertebesini belende göterýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy we ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň we jemgyýetiň ýeten derejelerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, Esasy Kanuna iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyz diňe bir mazmun däl, eýsem, gurluş taýdan hem kämilleşdirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň geljegini üpjün etmekde berk binýat bolup durýar. Kanunçylyk hukuk binýadynyň berk bolmagy, halkyň döwlet Tugumyza buýsanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar we azatlyklar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr.

Ýaşyl Baýdagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mukaddeslik we täze beýiklik derejesine göterilip, köňlümize buýsanç, kalbymyza mähir çaýýar. Ýaşyl Baýdagymyzda ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, agzybirlik ýaly milli aýratynlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapandyr. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, asudalygymyz, erkinligimiz ýaly milli alamatlarymyz jemlenendir. Hut şu aýratynlyklary we alamatlary özünde jemleýändigi üçin-de döwlet Baýdagymyz biziň her birimiz üçin gymmatlydyr, mukaddesdir. 

Döwlet Baýdagymyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ýöredýän ynsanperwerlik, parahatçylyk, asudalyk ýörelgelerini bütin dünýä wagyz edýär. Döwlet Baýdagymyz dünýäde parahatçylygy goraýjy we ýaýradyjy hökmünde tanalýan türkmen döwletiniň berkararlyk ýörelgelerini dünýä ýaýýar, goja Zeminiň halklaryny dostluga, doganlyga, agzybirlige çagyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşyl Tugy bilen dünýä tanalan türkmen döwleti Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürüp, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen dostlukly, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

Goý, bagtyýarlygyň, abadançylygyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň güwäsi bolup, asuda asmanymyzda baky parlasyn! Halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Atajan MUHAMMEDOW,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň Derňew bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.