TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

05-05-21

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak, erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy. Bu ýyl bolsa gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýi we Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.

Beýik ösüşleri maksat edinip, bedew bady bilen ýagty geljege sary barýan parahat Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda beýik özgertmeleri başdan geçirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary täze, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan derejelerde kämilleşdirildi. Aýratynam, soňky ýyllarda ähli pudaklary dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygynda dünýä ýüzünde beýik at-abraýa eýe bolýar. Aýratyn hem, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylygymyz häzirki günlerden meýilleşdirilýär.

Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen taryhy, edebi gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldildi. Milli mirasymyz — maddy we ruhy gymmatlyklarymyz öwrenilip, halkymyzyň baý geçmişi esasynda beýik ösüşlere ýetildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýeňillikler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täzeçe enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, döwlet edaralarynyň binalarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu işleriň ählisi halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen, şeýle-de ýaş nesliň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän işlerdir, biziň bagtly ýaşaýşymyzy üpjün edýän Garaşsyzlygyň bize beren miweleridir.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, bagtyýar zamanada, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Berkarar döwletde şanly seneleri uly dabara bilen bellemäge giň şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Ýurdumyzda ähli beýik işleriň başyny başlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

 Tylla HOJAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.