Parahatçylyk söýüjilik syýasaty
16-11-25
Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygyny gazananyndan bäri 30 ýyl geçen hem bolsa, şol ajaýyp gün 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlerimizi galkyndyrýar. Mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününi şanly wakalaryň, mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Aslynda, ynsanyň arzuwda ýaşamagy tebigy ýagdaý. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak, eşretli durmuşda ömür sürmek islegi asyrlarda kämilleşip, göwünleri galkyndyrypdyr. Bu şanly waka 30 ýyl mundan ozal ykballarymyzy nurlandyryp, maksadymyzy myradyna gowşurdy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň pederlerimizden gelýän nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda örän uly üstünlikler gazanylýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gün-günden gülläp ösüşi halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň ygtybarly esaslarynyň bardygyny tutuş dünýä ýüzüne aýan etdi.
Ählimiziň şaýat bolşumyz ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň ösüş arkaly parahatçylyga gönükdirilen ýörelgesi dünýä diplomatiýasynyň tejribesine nusga alarlyk goşant goşýar.
Türkmen jemgyýetinde syýasy durnuklylygyň we agzybirligiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan gününden bäri daşary döwletlere amala aşyran döwlet we resmi saparlarynda eden taryhy çykyşlary, öňe sürýän başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini çözmäge örän gyzyklanýandygyny doly tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Halkara derejedäki ähli meseleleriň diňe syýasy we diplomatik ýollar arkaly, esasan hem BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň üsti bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabyny okanyňda goja taryhyň jümmüşindäki bu ugurdaky wakalaryň ýumagy çözlenýär. Asuda, parahat durmuşda ýaşamagyň özi döwletlilikden nyşan. Döwletli ojaklaryň kuwwaty agzybirlikdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýlip bellenilýär. Kitapda baky Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda alnyp barylan beýik işler dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Berkarar Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, häzirki wagtda parahatçylygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, beýik ösüşleriň dabaralanýan mekanyna öwrüldi.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna barýan şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamynda ýetilen belent sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar. 30 ýyl bäri diňe beýik işleri bilen dabaralanyp gelýän ýurdumyzda bu gün halkymyz bir maksada, ýagny, agzybirlik maksadyna gulluk edýär. Agzybirlik bolsa bizi ajaýyp üstünliklere, ösüşlere, abraý--mertebä ýetirýär. Döwletlilik agzybirlikden başlanýar. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, parahat ýurdumyzda toý toýlamak iň uly bagt. Goý, halkymyzy bir saçaga jem eden, ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, bähbitli işleri rowaç alsyn!
Maýsa REJEPOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň dosenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.