Bitaraplyk — baky bagtymYZ

21-10-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha artdyrýar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.

Dünýä ýaýylan parahatçylyk taglymatyna esaslanyp, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi. Munuň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek ýylyna gabat gelmeginiň aňyrsynda uly many jemlenýär. Häzirki günde Türkmenistan dünýäde sebitleýin we ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýän hem-de abadançylygyň, parahatçylygyň, şonuň ýaly-da ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary hökmünde tanalýar. Hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa ornaşdyrýan ýurdumyzda geçirilýän iri halkara forumlary, duşuşyklary, sergileri ýokardaky aýdanlarymyza aýdyň subutnamadyr.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Şunda, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny aýratyn belläp bileris. BMG-niň Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky we beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygyň has-da artýandygy guwandyryjydyr. Dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.

Ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçiliklere ýol açan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy — halkymyzyň milli guwanjydyr we mertebesidir. Türkmenistanyň her bir raýaty Watanymyzyň bu baýlygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumadamzat ähmiýetini ýaýbaňlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maksat BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.