BAGTLY ÇAGALYK

27-05-25

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ähli arzuwlary hasyl bolýan eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, boş wagtlaryny gyzykly we sapaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar körpelerimiz her bir günlerini şadyýanlykda geçirýärler. Körpe nesilleriň arasynda guralýan dürli çäreler, duşuşyklar we bäsleşikler olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga ýardam edýär.

Dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir.

Gözel tebigatyň arassa howasy, täsin ýerlere guralýan gezelençler, geçirilýän çäreler çagalara diýseň ýaraýar. Döwrebap dynç alyş merkezlerinde hereket edýän gurnaklara gatnaşýan çagalar öz isleg bildirýän ugurlary boýunça has-da kämilleşýärler.  Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Nesil terbiýesine aýratyn üns berýän türkmen halkmyz, çagalaryň dynç alyşyny hem terbiýeçilik ähmiýetli çäreler bilen baglanyşdyryp utgaşykly alyp barmagy ýaş nesilleriň bilimli we ýokary ahlakly bolmagy köp derejede onuň dünýä inen, terbiýelenýän maşgalasy bilen birlikde bilim alýan mekdebine, çagalar baglaryna, mugallymlaryna, terbiýeçilerine baglydyr. Çagalaryň bilesigelijiligi, görüm-göreldeliligi, tutanýerliligi, zähmet endiklerini kemala getirmekde mugallym bilen ene-atanyň bilelikdäki tagallalary birleşende kämil nesil kemala gelýär.

Ýaş nesillere kiçi ýaşlardan başlap, Watan mukaddesligini, ene-ata, dosta wepalylygy, duz-tagama hormaty, halal ýaşamagy, zähmete söýgini, wagtdan tygşytly peýdalanyp, durmuş pursatlaryny özbaşdak seljermegi, ar-namysly, utanç-haýaly bolmagy öwretmek işleri alnyp barylýar. Şu wagtky dowam edýän tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň dynç alyş bilen utgaşykly geçirilýän çäreler millilik, peder ýörelgesi, däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen baglanyşykly guralýar.

Mundan başgada çagalaryň tomusky dynç alyşyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýörite taýýarlanan meýilnamalar esasynda çagalary millilik, ruhubeletlik ýörelgelerine eýermek bilen birlikde olarda sport endiklerini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, saglyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen dürli görnüşli sport çäreleri, bäsleşikleri yzygiderli guralýar.

Ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri gurlup ulanmaga berýän, ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün etmäge şertleri döredip berýän ýörän ýoly biziň üçin ýörelge, beýik, nusgalyk işleri görelde, parasatly sözleri şygar bolan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaçlyklara rowan bolmagyny arzuw edýäris!

Bizi ýagty ertirlere alyp barýan, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, il-bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Güljahan HOJAMBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti. 

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.