AÝDYŇ MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR
13-06-22

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň bu ýörelgäni alyp barýandygyna we ösdürýändigine durmuş hakykatynda göz ýetirýäris. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ýüreklerimizde we aňymyzda ahlak, ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde hemişelik orun alan ýörelgelerimizi döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasy — milli döwletliligimiziň mizemez ýoly hökmünde has-da kämilleşdirýäris». Hormatly Prezidentimiziň çuňňur manyly bu sözleri halkymyzyň asudalygy, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin her bir adamyny agzybirlikde zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baş-da durmagynda maşgala, jemgyýet agzybirligi has-da jebisleşip, berk binýatly Watan bitewiligi kemala gelip, gün-günden ösýär we ýurdumyzyň halkara derejesin-de abraýy artýar.
Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň agzybir mugallymlary talyplar bilen birlikde täze eýýamyň her bir gününe öz goşantlaryny goşýarlar. Biz geljek-de döwrüň ösen tehnologiýasyna erk edip bilýän, Watanyň hünärli ogul-gyzlary bolup ýetişmekleri üçin institutymyzyň talyp ýaşlaryna ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman bilim öwredýäris.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we edara-kärhanalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, innowasion ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ösüşiň iň döwrebap ugry hökmünde sanly ulgama düşünilýär. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, bu ugurda biziň institutymyzda hem uly işler alnyp barylýar. Esasan hem kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ösüşiň tizligi üpjün edilip, ähli işler döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Sanly ulgam uzak aralykdan sapaklary guramaga, maslahatlary geçirmäge, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Şeýle beýik ösüşleriň gözbaşynda Arkadagly Serdarymyzyň belent maksatly işleriniň bardygyny bellemek gerek. Agzybir halkymyz şeýle belent maksatlara buýsanyp, döredijilikli zähmet çekýär. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Raşid ÝAZLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Mugallym: Batyr NURGELDIÝEW.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.