Ýaşlar — aýdyň geljegimiz
19-12-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşy, ýaşlarymyzyň döwrebap şertlerde ylym we bilim almagy ugrunda döwlet derejesinde aladalar edilýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda bolup geçýän her bir taryhy waka halkymyzyň ruhuny belende göterýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz taryhy wakalara beslenýär, buýsandyryjy pursatlary peşgeş berýär. Şeýle buýsandyryjy pursatlar ýaşlarymyzyň hem kalbynda pugta orun aldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, Arkadagly Serdarymyzyň çykyşy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka ýaşlar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu şanly wakalar diňe bir ýaşlarymyzda däl-de, eýsem, her birimizde buýsanç döretdi. Ýaşlar biziň röwşen geljegimiz, şu günki buýsanjymyz bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesi, olaryň bilimli bolup ýetişmegi ähli ildeşlerimizi gyzyklandyrýar.
Ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi baş wezipeleriň biridir. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris».
Pähimdar pederlerimiziň döreden ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny ýaş nesilleriň aňyna guýmak, milli ruhly adamlary kemala getirmek asylly terbiýedir. Şeýle milli terbiýäni ýörelge edinýän mugallymlar hem öňlerinde uly wezipäni goýýarlar. Ýaş nesilleri kämil edip ýetişdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmegine mynasyp goşantdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär.
Merdan BAHRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.