Ajaýyp desgalaryň ak nury
28-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe altyn gümmezleri bilen uzaklardan bada-bat ünsüňi özüne çekýän köşkleri, köpsanly döwrebap suw çüwdürimleri, aklyga bürenen täsin binalary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gür baglyga bürenen seýilgähleri ak şäherimiz Aşgabady tanalmaz derejede özgertdi. Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan Aşgabat şäheri bu günki gün Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär. Indi, gözel görkli paýtagtymyz iri halkara maslahatlaryň, işewür duşuşyklaryň, dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň, halkara sergileriň, festiwallaryň, dürli görnüşli sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Aşgabat şäherimiziň gözel keşbini görmäge göz, tarypyny ýaýmaga şirinden-şirin şahyrana söz gerek.
Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak geljegi nazara almak bilen, toplumlaýyn çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda hem paýtagtymyzy ösdürmek babatda aýdan sözlerini ähli halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň arasynda binagärlik, inženerlik-tehniki gurluşy taýdan haýran galdyrýanlary sanardan köpdür. Olaryň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi, halkara derejesindäki abraýly bäsleşikleriň sylaglaryna mynasyp boldy. Şunda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi halkymyzyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, sportuň ösdürilmegine we sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen iri möçberli bitirilen beýik işleriň aýdyň netijesidir. Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýerde Suw toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki sport desgalarynyň ençemesi bar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly özgertmeleriň möçberi we ähmiýeti ata Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň pajarlap ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat bu gün öňe sürülýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriniň netijesini, halkymyzyň eşretli bagtyýar durmuşynyň kämil derejesini äleme äşgär edýär. Gündogaryň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň beýik ösüşleriniň üpjün edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň akyl zähmetiniň, pähim-parasatynyň duranlygy hemmämize mälimdir.
Merkezi Aziýanyň göwher gaşy Aşgabat, rahatlyk we abadanlyk taýdan dünýäde öňdebaryjy şäherleriň biri hökmünde ykrar edilendir, bu onuň Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi we Ginnesiň rekordlar kitabynda ak mermer bilen örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alnanlygy bilen-de tassyklanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şatlykly pursatlara, bitirilýän beýik işlere beslenýär. Paýtagtymyzy ösdürmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzy, aýratyn hem, ýaşlary has-da begendirýär. Gözel paýtagtymyz täsin binagärligi, özboluşly owadanlygy, milliligi, täsinligi bilen köpleri haýran galdyrýar. Paýtagtymyzda geçen ýylda ulanmaga berlen «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary, «Laçyn», «Erkin» seýilgähleri bu günki gün ak şäherimiziň binagärlik keşbine özboluşly täsin şugla saçýar. Şu günler paýtagtymyzyň binagärligini has-da baýlaşdyrjak ýene-de ençeme desgalarda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti galamyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde şäherimiziň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işler beýan edilýär.
Goý, mähriban halkymyzy gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.