Habarlar
Habarlar

Saglyk – bahasyz baýlyk
Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir.

Ýaşlaryň bilimli we kämil bolmagy uly güýçdür
Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we medeniýetli bolup ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn» diýen sözleri bolsa biziň ganatly kalbymyzy göge göterýär.

GAHRYMANLARA BAKY ŞÖHRAT!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň medeniýetine, edim-gylymyna, däp-dessuryna, milli mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy miraslaryna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentden tutulýar.

Gahrymanlar unudylmaýar
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhyň gatlarynda ebedilik saklanýar.

«SAGLYK» DÖWLET MAKSATNAMASY ŞÖHRATLANÝAR
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlar toýlara ulaşýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen birlikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 30 ýyl dolýar.

SAGLYK — ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY
Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy mesele halkyň saglygyny goramaklykdan ybaratdyr. Dogry iýmitlenmek sagdyn ýaşamagyň girewi bolmak bilen, lukmanlar dogry iýmitlenmek düzgünleriniň berk berjaý edilmegi esasynda adamyň dürli kesellerden goranmaga, ruhubelent ýaşamaga bolan ukybynyň juda ýokary bolýandygyny belleýärler.

KÄMIL BILIM – ÖSÜŞE TARAP ULY ÄDIM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär. Ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

Kämil ýaşlary kemala getirmekde sanly bilim portalynyň orny
Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy.

Türkmen halkynyň buýsanjy ahalteke bedewler
Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.

Ganatly bedewler
Türkmen dünýä birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Arap, Absent, Meleguş, Suşnäk, Gadam, Boýnaw, Eýeberdi Teleke, Ýel, Akbilek, Begnazardor ýaly ajaýyp ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alan ajaýyp ahalteke bedewleridir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.