Habarlar
Habarlar
16811bb080817b.jpeg
2 aý ozal
Saglyk – ýurduň abatlygy

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurt Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýşy ylmy esasda guramaga uly ähmiýet berýär.

16811b42c7154d.jpeg
2 aý ozal
FERMENTLERIŇ YNSAN SAGDYNLYGYNDAKY ÄHMIÝETI

Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk. Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.

16811aa368edf4.jpeg
2 aý ozal
SANLY BILIM — TÄZE YLYM

Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar milli Liderimiziň döwlet Baştutanlygynda täze mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip belleýär.

16811a92bbe4f0.jpeg
2 aý ozal
SPORT PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISIDIR

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýe we sport halkymyzyň gujur-gaýratyny, gözelligini hem-de sagdynlygyny özünde jemleýän durmuşymyzyň bezegine, ruhubelentligimiziň we beden taýdan kämilligimiziň nyşanyna, halklary dostluga, doganlyga çagyryjy şygara öwrülýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň durmuş ýörelgesi hem-de göreldesi biziň her bizimiz üçin  nusga alarlyk ajaýyp mekdepdir.

1635772f0b730b.jpeg
2 aý ozal
Ýaş nesillere terbiýe bermekde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.

162bc0c4057cec.jpeg
2 aý ozal
Aziýanyň merjen şäheri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti eziz Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň örän çalt depginlerdäki ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

165d7bddf138b0.jpeg
2 aý ozal
Hünärli ýaşlar — aýdyň geljek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda sözlän taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip, jaýdar belledi.

162669bf66aff9.jpeg
2 aý ozal
Azyk bolçulygynyň binýady pugtalanýar

Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrlan giň möçberli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny hem gurşap aldy.

16811289412e60.jpeg
2 aý ozal
MERDANALYGYŇ MEKDEBI

9-njy maý – bu arzyly sene. Dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy. Bu baýram adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar.

161c067b1cdf87.jpeg
2 aý ozal
SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖZGERIŞ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.