Habarlar
Habarlar

SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça kabul edilen maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini pugta berjaý etmekden, ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.

Saglygym - baýlygym
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat.

SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET
Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan raýatlarymyzyň saglygy barada uly alada edilýär.

BILIM BERMEGIŇ HÄZIRKI ZAMAN USULLARY
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we tassyklanan Milli maksatnamalaryň çäginde giň gerimli geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjyny artdyrdy, ynamyny, agzybirligini has-da pugtalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony has-da kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäginde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ylym-bilim — bagtyýar geljegimiziň gözbaşy
Hususanda, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmybarlag işleri ata Watanymyzyň bu ulgamlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we tehnologiýanyň döwrebaplaşdyrylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda ählitaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biridir.

RUHY DÜNÝÄMIZI BAÝLAŞDYRÝAN ÇEŞME
Şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi halky ruhlandyrýar. Munuň özi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

RUHY DÜNÝÄMIZI BAÝLAŞDYRÝAN ÇEŞME
Şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi halky ruhlandyrýar. Munuň özi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär.

INNOWASION ÖZGERTMELER TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär.

BILIM ADAMY BEZEÝÄR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny özgertmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, bilimli bolmaklaryny üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesli bilimli, ylymly, kämil edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim her bir şahsyýetiň döwrebap kemala gelmeginde we ýurduň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmagynda esasy zerurlykdyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglygynyň kepili
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.