Habarlar
Habarlar
168df517ad4808.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi.

168de00f0652f1.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.

168db67685cf72.jpeg
8 aý ozal
Astrahan – Türkmenbaşy deňiz gatnawynyň ýola goýulmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew Astrahan oblastynyň wekiliýeti bilen iş duşuşygyny geçirdi. Wekiliýete oblastyň wise-gubernatory Denis Afanasýew ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikler Russiýanyň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

8 aý ozal
BITARAPLYK SYNMAZ ÝOLY TÜRKMENIŇ

Garaşsyz döwletimiziň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýädy goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasat strategiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

168db589cb29b0.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Garaşsyzlyk ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşydyr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy giňden bellenildi. Bu baýram mähriban halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, Watanymyzyň täze sepgitlere tarap ynamly gadamlarynyň aýdyň nyşany bolan ykbal çözüji waka hökmünde uly ähmiýete eýedir.

8 aý ozal
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň gözbaşy

Türkmenistan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we giň halkara hyz­mat­daş­lyk    sy­ýa­sa­ty­na   yg­rar­ly    bol­mak    bi­len,   Türkmenis­ta­nyň  dün­ýä­niň döw­let­le­ri we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de  ös­dür­er.

168db719a84093.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Türkmenistan wise-premýer derejesinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Mejlis duşenbe güni Minskde geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

168dcb7b1e7fe9.jpeg
8 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesillerimiziň mertebesiniň, hormat-sarpasynyň has-da belentdigini alamatlandyrýan hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

168db7510d1d32.jpeg
8 aý ozal
Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolundaky ulag hereketi dikeldildi

Aşgabat şäher häkimligi Bitarap Türkmenistan şaýolunyň (ozalky Podwoýskiý şaýoly) Atamyrat Nyýazow bilen Arçabil şaýollarynyň arasyndaky böleginde ulag hereketiniň dolulygyna dikeldilendigini habar berdi.

168da27e5bf86c.jpeg
8 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.