Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna bagyşlanan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny (STS)» atly forumynyň 22-nji maslahatynyň işine gatnaşdy.
Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde söwdany ýeňilleşdirmek boýunça okuw geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Bütindünýä söwda guramasynyň söwdany ýeňilleşdirmek Ylalaşygy: toparlara bölmek we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek atly okuw geçirildi.
Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri Abu-Dabide “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşdy
30-njy sentýabrdan oktýabr aýynyň 4-i aralygynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherinde “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşmak üçin iş saparynda boldy we bu serginiň halkara taslamalary pawilionynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz halkara taslamalaryny we ulag ulgamynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi
7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.