BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY
27-11-25
Mälim bolşy ýaly Lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şol mynasybetli Gahryman Arkadagymyz halkymyza, aýratyn-da saglygy goraýyş işgärlerine «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabyny sowgat berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň 30 ýylda geçen taryhy ýoluny, ýeten belent sepgitlerini lukman nukdaýnazaryndan beýan edýär. Üç dilde neşir edilen bu kitap 22 bölümden ybarat. Kitabyň her bölüminde beýan edilýän ösüşler, gazanylan üstünlikler degişli fotosuratlar täsirli beýan edilýär.
Lukman Arkadagymyz täze kitabynda: «Saglygy goraýyş we derman senagaty ugrundaky möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, asyrlar aşyp, milli lukmançylygyň täze döwrüniň başlanandygynyň taryhy hakykatydyr» — diýip belleýär. Tükmenistanyň Konstitusiasyna laýyklykda, adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň binýadynda, ilkinji nobatda raýatlarymyz, olaryň bagtyýar geljegi hakyndaky aladalar durandyr.
Milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Halkymyzyň saglygyny goramak, ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslensin!
Döwletgeldi MÖWLAMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY
Mälim bolşy ýaly Lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.