Habarlar
Habarlar
1615accd0e5a64.jpeg
1 aý ozal
SANLY BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ GANATY

Ylym – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym öwrenmek arkaly ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar.

1676d41c850ca5.jpeg
1 aý ozal
SANLY YKDYSADYÝET: ösüşiň innowasion ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistan örän çalt depginler bilen ilerleýän innowasion täzelikleri özleşdirmek arkaly, halk hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Häziri wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda degişli ugurda amala aşyrylýan işler üstünlikli dowam etdirilip, döwrebap çözgütler kabul edilýär.

16422de7e276c1.jpeg
1 aý ozal
KÄMIL BILIM - ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ylym-bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr.

16155da90b933b.jpeg
2 aý ozal
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DABARALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmek üçin halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmak, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmak, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar.

1681ae70bc2e92.jpeg
2 aý ozal
BILIM — YLYM — ÖNÜMÇILIK

Arkadagly Serdarymyz ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini belleýär. Munuň özi ýaşlary ylma çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.

16421e765e8970.jpeg
2 aý ozal
Watanyň guwanjy, geljegi ýaşlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriň derejesine ýetirmekde, döwletimiziň dünýä ýüzünde gazanan abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda Watanymyzyň ýaşlaryna hem uly orun degişlidir.

1681ae4cec7b76.jpeg
2 aý ozal
SANLY MÜMKINÇiLIKLERIŇ KANUNY BINÝADY BERKEÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap ösüşleri gazanmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze gadamlaryny durmuşa ornaşdyrmak ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.

167d92ad5bc6f5.jpeg
2 aý ozal
ADAMZADYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÝÖRELGELER

Eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

167da8f6208d57.jpeg
2 aý ozal
PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE YNANYŞMAGYŇ DABARALANMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.

1647a102a4a9cf.jpeg
2 aý ozal
Päk arzuwlar – ýaş kalplaryň hemrasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň bilim almagy, hünär edinmegi, zähmet çekmegi, dynç almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdigini, üstünlikleriň binýadydygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklap gelýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.