Habarlar
Habarlar

GARAŞSYZLYK — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZYň GÖZBAŞY
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär.

Garaşsyzlygyň batly gadamlary
Garaşsyzlyk Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Watan Garaşsyzlygy mukaddeslik saýylýan närseleriň hatarynda durýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň: «Adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, çagalaryň şadyýan gülküsidir» diýen çuňňur parasatly sözleri hem tassyklaýar.

Garaşsyz Watanyň geljegi — ýaşlar
Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip, ýaşlara ýüzlenip aýdan sözlerem munuň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar.

Buýsanjymsyň, Garaşsyzlyk!
Garaşsyzlyk sözi «Bagt, Bagtyýarlyk, Berkararlyk» diýen düşünjeleri öz içine alýar. Eýsem, Garaşsyzlyk bagty nämedir? Bagtlylygyň uly borçdugyny bilýärmisiňiz?! Bagtyň nämedigine düşünmek oňa barýan ýoly öwrenmekdedir. Şu günüňe buýsanç geçmişiňi bilmekden başlanýar. Özüňi tanamak üçin aslyňa göz aýlamak gerek. Garaşsyzlyk biz üçin bihasap bar eçildi. Bu sansyz nygmatly, bagtly günleriň gadyryny bilmek biziň borjumyz. Atalaryň alyn derinden dörän durmuşa düşünmek perzentlik parzymyzdyr.

GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DÖWÜR
Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Her ýyl tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýäris. Şu günler beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde yzygiderli geçirilýär.

MUKADDES GARAŞSYZLYGA GUWANMAK BAGTDYR
Diýarymyza Baş baýramymyz – Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy ýetip geldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär. 2023-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyla gadam goýanymyz bäri yurdumyzda bellenilen şanly seneleriň, tutulýan toý baýramlaryň sanasaň sogaby bar. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy.

Garaşsyz diýara hoş geldiň, Nowruz!
Şatlyk paýlap ynsanlaryň ýüregne, Türkmeniň düzüne hoş geldiň, Nowruz!

Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý...
Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry Baýram han Türkmen Nowruz şagalaňyny şeýle suralandyrýar:

Ösüşleri şöhlelendirýän sergi
Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramynyň ulydan baýram edilýän günlerinde, ýaz paslynyň hoştap howasynyň joşgunyny artdyryp, geçirilýän dabaralar her bir türkmen raýatyny ruhybelentlige besleýär. Şeýle çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi aýratyn orun eýeleýär. Söwda-senagat edarasynda guralan bu özboluşly sergi ähli aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.