ULAG-KOMMUNIKASIÝA TOPLUMYNYŇ ÖSÜŞI WE GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
11-07-22
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly üns berilýär. Bu ulgamda Arkadagly Serdarymyzyň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýetilýän sepgitler milli ulag ulgamynyň ösüşinde möhüm ädim bolup durýar.
Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ulaglar we aragatnaşyk toplumynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri has-da guwandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 111,3 göterime deň bolupdyr. Şol bir wagtda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 112,7 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 110,6 göterim berjaý edilipdir. Ýarym ýylyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşiniň 111, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 132,1, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 108,6, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 108,3, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime barabar bolmagy bu aýdanlarymyza mysaldyr.
Toplumyň ýerüsti binýadyny kämilleşdirmek ugrunda hem giň möçberli işler alnyp barylýar. Welaýat merkezlerinde ýolagçy awtomenzilleriniň we elektron enjamlar bilen üpjün edilen awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň welaýat boýunça edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde toplumyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüleriniň gurluşyklary dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşen ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek bilen, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipeleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Biz awtomobil ulaglary bilen daşalýan ýükleriň möçberlerini has-da artdyrmalydyrys hem-de ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy dowam etmelidiris, şunda Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýük daşalýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen, Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda gämileri gurmak üçin ähli şertleriň döredilendigini göz öňünde tutup, ýurdumyzda gämi gurluşygyny tapgyrlaýyn ýola goýmak barada aýdyp, ýörite ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de bu ugurda üpjünçiligi gowulandyrmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa menzillerinde häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we howa menzillerini has netijeli ulanmak üçin zerur çäreleri görmek, «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemrasynyň transponder mümkinçiliklerini doly ulanmak wezipeleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.
Giňişleýin Mejlisiň dowamynda täze kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak, bar bolan ähli önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek we olaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlary ösdürmegiň hasabyna ýurduň ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistan ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda ilki bilen çykyş etmegi hem-de olary durmuşa geçirmegi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda alnyp barylýan halkara ähmiýetli işleri netijesinde Ýewraziýanyň sebitara ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmäge, ony netijeli peýdalanmaga, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Batly gadamlary diňe üstünliklere beslensin!
Gülnara JUMABAÝEWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.